Çagalygyň tagamy — Chupa Chups

Dek 15, 2025 - 17:27
Çagalygyň tagamy — Chupa Chups

Bu önümsiz hiç birimiziň çagalygymyz geçen däldir. Islendik söwda nokadynyň ýa-da dükanyň töleg tölenilýän ýerinde owadanlap goýulýan «Chupa Chups» süýjülerini göreniňde ejeň, kakaň, doganyň, jigiň, çagaň ýa-da bolmasa il-gün bilen bagly süýji ýatlamalara atarýan pursatlara az gabat gelnenok.

Döredileninden bäri nijeme nesliň çagalygynda söýgüli hörekleriň birine öwrülip gelýän bu önüm ilki bilen ispaniýaly telekeçi Enrik Bernat tarapyndan oýlanyp tapylýar. Ysy, tagamy, görnüşi bilen ençeme nesliň ýadynda galan bu meşhur brendiň taryhy Ispaniýanyň Barselona şäheriniň golaýynda 1958-nji ýyldan başlanýar.

«Chupa Chups» brendiniň döreýşi barada aýdanymyzda, 1950-nji ýylyň ahyrynda Ispaniýada Enrik Bernat konditer önümleri kärhanasynda işläp başlaýar. Ol şol döwürler bazarlarda, ýollarda çagalaryň süýji iýenlerinde şiräniň ellerine, eşiklerine ýelmeşip, çalt hapalanýandygyna üns beripdir. Şondan soňra onuň bar pikiri süýji iýenlerinde çagalara oňaýlylyk döretmek hakynda bolupdyr.

Soňra Enrik çözgüt hökmünde süýjiniň içine kiçijik bir sap ýa-da çöp goýmak hakda pikirlenýär. Onuň maksady çagalaryň süýjüni elleri bilen däl-de, diňe sapyndan tutup iýmeklerini üpjün etmek bolupdyr. Bu bolsa çagalaryň, esasan-da, ene-atalaryň durmuşyny has aňsatlaşdyrar diýip pikir edipdir.

1958-nji ýylda Bernat süýjini çöpjagaz bilen öndürip başlaýar. Bu önüm konditer önümçiliginde uly täzelik bolupdyr. Telekeçi täze önümiň diňe bir ýurtda däl, eýsem tutuş dünýäde goldanyljakdygyna ynanypdyr. Onuň şol ynamy bu ugurdan gün-günden kämilleşmegine getiripdir.

Ýöne telekeçä täze önüme at saýlamak kyn düşüpdir. Futbol topuna meňzäp duran bu brendiň adyna «Gol» diýip goýupdyr. Emma bu at köpçüligiň ýadynda galmandyr. Enrik Bernat has täsirli adyň gözleginde iki ýyl gezýär we 1960-njy ýylda şar şekilli süýjüleriň ady «Chupa Chups» bolýar. Telekeçi brendi tanatmak üçin telewideniýä ýüz tutýar, şol wagtlar bu önümiň şanyna «Chupa Chups» aýdymy hem aýdylypdyr.

Bernat 1969-njy ýylda dünýä belli suratkeş we özüniň ýakyn dosty Salwador Dali bilen duşuşyp, brende logotip düzüp bermegini haýyş edýär. Dali şol wagtyň özünde sary reňkdäki günebakar şekilini ulanýar we onuň içine gyzyl reňk bilen brendiň adyny ýazýar. Suratkeş logotipi önümiň dik ýokarsyna ýerleşdirmegi maslahat berýär. Gaplama açylanyndan soň hem haryt nyşanynyň durup galmagy önümiň tanalmagyny güýçlendirýär diýip hasap edipdir.

Bu ýönekeýden düşnükli logotip häzirki günlerde hem öz gymmatyny ýitirenok, hatda bu dizaýn marketingiň taryhynda iň üstünlikli dizaýnlaryň biri hasaplanylýar.

«Chupa Chups» brendi döredilen ýyldan başlap, esasan maşgalanyň eýeçiligindäki hususy kärhana bolup, dünýä derejesinde meşhurlyga eýe boldy we bazardaky ornuny pugtalandyryp bildi. Hususy kompaniýanyň önümleri 1960-njy ýyllarda Ispaniýanyň ähli ýerlerine ýaýraýar.

1970–1990-njy ýyllar «Chupa Chups»-uň global brende öwrülen ýyllarydyr. 1970-nji ýyllarda önüm Fransiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna we Ýaponiýa eksport edilip başlanýar. 1980-nji ýyllarda kompaniýa Günorta Koreýa, Hytaý we Gündogar Ýewropa bazaryna aralaşýar.

Şondan birnäçe ýyl soň önümiň täze satuw ugurlary peýda bolýar. «Chupa Chups» önümleri çilim çekmäni goýmak isleýän uly adamlara niýetlenen süýji hökmünde mahabatlandyrylýar. 1995-nji ýylda tagta ýa-da plastmassa çöpjagazly togalak süýjüler Russiýanyň «Mir» kosmos stansiýasy tarapyndan ilkinji gezek kosmosa äkidilen süýjüler bolýar. Bu ýagdaý «Chupa Chupsuň» meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Netijede, 1990-njy ýyllara çenli bu haryt 150-den gowrak ýurda eksport edilýär. Bernat maşgalasynyň hususy kompaniýasy 2006-njy ýylda dünýäniň iň uly konditer öndürijileriniň biri bolan «Perfetti Van Melle» kompaniýasy tarapyndan satyn alynýar. Şondan soňra «Chupa Chups» haryt nyşanly önümleri öndürýän kompaniýa «Perfetti Van Melle» toparynyň şahasy bolýar we markanyň dünýäde ösüşi has-da artýar.

«Chupa Chups» haryt nyşanly önümleriň häzirki wagtda 100-den gowrak görnüşi bolup, ony iň köp sarp edýän ýurtlaryň hatarynda Aziýa döwletleri öňdeligi eýeleýär.