Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki täze enjamlaryny 26-njy dekabrda tanyşdyrar

Dek 15, 2025 - 15:24
Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki täze enjamlaryny 26-njy dekabrda tanyşdyrar
Surat:Redmi

Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýasy Xiaomi 26-njy dekabrda birnäçe täze enjamlaryny bir wagtda tanyşdyrar. Bu barada ygtybarly insaýder Digital Chat Station habar berdi.

Maglumatlara görä, kompaniýa şol gün Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny, şeýle-de Redmi Turbo 5 we Redmi Turbo 5 Pro modellerini görkezmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, orta derejeli täze planşet, flagman derejeli akylly sagat, iki sany täze nauşnik modeli we beýleki akylly enjamlaryň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Xiaomi 17 Ultra smartfony täze nesil Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen enjamlaşdyrylar.

Redmi Turbo 5 modeline 7500 mA·s sygymly akkumulýator degişli edilýär. Has güýçli Redmi Turbo 5 Pro smartfony bolsa 9000 mA·s akkumulýator we 100 Wt çalt zarýad goldawy bilen üpjün ediler.

Täze flagman akylly sagadyň eSIM goldawyna we 930 mA·s sygymly akkumulýatora eýe bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Hytaýda Xiaomi 17 Ultra üçin öňünden  sargytlar kabul edilip başlandy. Myş-myşlara görä, täze modeliň Hytaýdaky bahasy öňki nesliň derejesinde saklanar. Şeýle-de bolsa, enjamyň halkara bazara çykaryljak wagty we bahasy barada entek resmi maglumat berilmedi.

Belläp geçsek, Digital Chat Station mundan ozal Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro smartfonlarynyň aýratynlyklaryny, Realme GT 7 Pro modeliniň Samsung ekrany bilen üpjün ediljekdigini hem-de Dimensity 9400 prosessorynyň Snapdragon 8 Elite-den ir çykjakdygyny öňünden dogry çaklapdy.