Geely ilkinji ulanyşa çykmagyna taýýarlanýan uçar taksisini tanyşdyrdy

Hytaýyň iri awtoulag konserni Geely-niň şahamça kompaniýasy bolan Aerofugia, özüniň ilkinji howa taksisi AE200-100 atly uçaryň ulanyşa çykmagyna çenli taýýarlanan ilkinji nusgasyny resmi taýdan tanyşdyrdy.

Okt 2, 2025 - 17:39
Geely ilkinji ulanyşa çykmagyna taýýarlanýan uçar taksisini tanyşdyrdy
СВВП AE200-100 / © Aerofugia

Bu enjam eVTOL (dikligine gonup-uatýan elektrik uçarlar) görnüşine degişli bolup, geljekde şäher hem-de sebit aralygynda ýolagçy gatnatmak üçin giňden ulanylmaga meýilleşdirilýär.

AE200-100 modeli öz ölçegleri bilen hem täsir galdyrýar:

  • Uzynlygy — 9 metr,

  • Beýikligi — 4,6 metr,

  • Ganatlarynyň giňligi — 14,5 metr.

Ganatlarynda çekiji turbinalar ýerleşdirilen. Uçar 5 ýolagçyny (şol sanda pilot bilen) gatnatmaga niýetlenendir we bir zarýad bilen 200 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.

Ilkinji öndürilen nusgalar dürli synaglar üçin — içerki hem-de sertifikat almak üçin — ulanylar. Aerofugia, 2026-njy ýylda bu modelleriň seriýaly önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Şol döwre çenli kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeldip, Çendu şäherinde täze zawody açmagy hem meýilleşdirýär. Bu ýerde diňe AE200-100 däl, beýleki modeller hem öndüriler.

Aerofugia kompaniýasynyň wekilleri şeýle diýip belläp geçýär:

«AE200-100 uçar taksisi 200 kilometre çenli aralygy geçip bilýändigi sebäpli, ony şäher içindäki howa gatnawlarynda, pes belentlikli syýahatçylyk ugurlarynda we tiz kömek operasiýalarynda ulanmak mümkin. Şeýle-de, AE200 modeli elektrik hereketlendiriji ulgamy bilen adaty dikuçarlara garanyňda işletme çykdajylaryny ep-esli peseldýär».