«Çelsi» — Dünýä çempiony!

«Çelsi» — PSŽ: Oýnuň hasaby 3:0, gollaryň syny

Iýul 14, 2025 - 05:38
«Çelsi» — Dünýä çempiony!

«Çelsi» Klublar arasyndaky Dünýä Çempionatynyň ýeňijisi boldy. Londonly topar finalda PSŽ bilen duşuşyp, garşydaşyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi.

Oýnuň birinji ýarymda ähli gollar geçirildi: Koul Palmer 22-nji we 30-njy minutlarda iki gol geçirip, dubl etdi. Üçünji goly bolsa Žoao Pedro 43-nji minutda geçirdi.

Ikinji ýarymda PSŽ 86-njy minutda Žoau Neweşiň gyzyl kartoçka almagy bilen azlykda galdy.

Final netijesi:

Çelsi – PSŽ 3:0

Gollar: 1:0 Palmer (22’), 2:0 Palmer (30’), 3:0 Pedro (43’)

Duýduryşlar: Pedru Netu (34’), Moises Kaýsedo (36’), Malo Gusto (40’), Lewi Kolwill (82’), Usman Dembele (87’), Nunu Mendeş (90+4’)

Gyzyl kartoçka: Žoau Neweş (86’)

Bu «Çelsi» üçin taryhynda ikinji gezek Klublar arasyndaky Dünýä Çempionatynda ýeňijisi boldy. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda ýeňiş gazanypdylar.

PSŽ bolsa bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşdy.