Fluminense we Çelsi 2025-nji ýylyň Klublaryň Dünýä Çempionatynyň ýarym finalyna çykdy

Fluminense Al-Hilaly 2:1 hasaby bilen ýeňdi, Çelsi bolsa Palmeirasy 2:1 hasaby bilen utdy we ABŞ-da geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaryň Dünýä Çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.

Iýul 5, 2025 - 11:58
Fluminense we Çelsi 2025-nji ýylyň Klublaryň Dünýä Çempionatynyň ýarym finalyna çykdy

4-5-nji iýul gijesi, ABŞ-da geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaryň Dünýä Çempionatynyň iki çärýek final oýny geçirildi. Bu duşuşyklarda «Fluminense» we Londonyň «Çelsi» klublary ýeňiş gazandy.

Fluminense — Al-Hilal 2:1
Martínelli 40'
Leonardo 51'
Pereyra du Nasimentu 70'

Palmeýras — Çelsi 1:2
Palmer 16'
Estevão 53'
Weverton (ödg) 83'

Indiki duşuşyklar:

  • PSŽ (Fransiýa) — Bawariýa (Germaniýa)

  • Real Madrid (Ispaniýa) — Borussiýa Dortmund (Germaniýa)

Çempionat 15-nji iýunda başlap, 13-nji iýulda tamamlanar. Ýaryş dünýäniň iň güýçli klublarynyň arasynda gyzgalaňly bäsdeşlik bilen dowam edýär.