Daýahatyn kerwensaraýynyň döreýşi barada rowaýat

Kerwensaraý barada ylmy çeşmelerde "Daýahatyn", ýerli ilatyň arasynda bolsa "Baýhatyn" ady giňden tanalýar. "Daýahatyn" adynyň gelip çykyşynda "daýa" sözi arapça bolup, "mülk", "oba" ýa-da "bejerilen ýer" diýen manyny berýär. "Hatyn" (puştu dilinde "gatyn") sözi bolsa "daş", "daşdan edilen" diýmekdir.
"Baýhatyn" adynyň döreýşi barada bolsa halk arasynda şu aşakdaky ýaly rowaýat aýdylýar:
Bir baý söwdagäriň örän owadan aýaly bolupdyr. Söwdagär uzak ýola sapara gidýär. Şol wagt onuň ýakynlarynyň biri aýaly hakynda ýaramaz gürrüň ýaýradýar. Bu gürrüňler söwdagäriň gulagyna ýetýär. Ol ähli mal-mülküni, maşgalasyny, baýlygyny taşlap, pukaraň eşiginde öýüni terk edýär. Aýal bolsa ärini gözlemek üçin ähli ýurtlara habar ýollap, bir kerwensaraý gurdurýandygyny, oňa işgär gerekdigini jar etdirýär. Ine, şol işe talabanlaryň arasynda onuň özi — ýitirim bolan äri hem bolýar. Şonda toslama gürrüňleriň ýalanlygy äşgär bolýar, aýal ärine gowuşýar. Munuň şanyna gurlan kerwensaraýa Baýhatyn ady dakylýar.
Kerwensaraýyň arhitekturasy örän nepis we çylşyrymly bolup, onuň arkalary, gümmezleri ussatlyk bilen gurlupdyr. Merwden getirilen bişen kerpiçlerden ýonulyp we bezelen diwarlardaky nagyşlar, keşdeler we oýma bezegler biri-biri bilen sazlaşykly utgaşyp, ajaýyp arhitektura toplumyny döredýär. Bu bina, ata-babalarymyzyň binagärçilik sungatyndaky ýokary ussatlygyny görkezýän nusgawy ýadygärlikleriň biridir.
Daýahatyn kerwensaraýy öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, Amul bilen Horezm aralygyndaky kerwenleriň esasy dynç alyş nokadyna öwrülýär. Bu kerwensaraý XVI asyra çenli işledilipdir. Daýahatyn kerwensaraýy döwlet ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlik hökmünde döwlet tarapyndan goraga alyndy.
Häzirki wagtda bu ýadygärlikde Lebap welaýatynyň Atamyrat taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçylygynda berkidiji, täzeden dikeldiş we konserwasiýa işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, bu ýadygärligi dolulygyna dikeltmek maksady bilen degişli taslama resminamalary taýýarlanýar.