“Demirbeton önümleriniň kuwwatly merkezi – Türkmenabatdaky öňdebaryjy kärhana”

Dürli maksatly döwrebap desgalaryň bina edilmeginde gurluşyk kärhanalarynyň orny örän uludyr. Ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň öndürilmegi diňe bir binagärlik we inženerçilik babatda däl, eýsem ykdysady ösüşiň hem möhüm binýadydyr. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, kärhanalaryň kuwwatynyň ýokarlanmagyna we öndürilýän önümleriň hil derejesiniň artmagyna giň ýol açýar. Türkmenistanda bu ugurda üstünlikli işleýän kärhanalaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasy aýratyn orun eýeleýär.

Awg 25, 2025 - 08:30
Awg 25, 2025 - 08:37
“Demirbeton önümleriniň kuwwatly merkezi – Türkmenabatdaky öňdebaryjy kärhana”

Kärhananyň gurluşy we mümkinçilikleri

Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhana häzirki wagtda 155-e golaý işçi-hünärmen bilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna mynasyp hyzmat edýär. Kärhanada giňden isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleri – dürli görnüşli demirbeton önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda köp boşlukly örtgi plitalary, ýol üçin jähek daşlary, sütünler, beton bloklar we diwar daşlary ýaly gurluşykda giňden ulanylýan serişdeler bar. Bu önümler ýurdumyzyň dürli künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli guramaçylygyna uly goşant goşýar.

Kärhananyň baş inženeri Agajan Hoçjyýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhanada Germaniýadan, Italiýadan we Türkiýeden getirilip ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryň kömegi bilen ýylda 50 müň kub metre çenli demirbeton önüm öndürmäge mümkinçilik bar. 2025-nji ýylyň ýedi aýynyň jemlerine görä, kärhanada 12 müň 396 kub metr demirbeton önümi öndürilip, meýilnama 100,3% ýerine ýetirildi. Öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 103,5% deň boldy.

Bu ösüşleriň gazanylmagynda kärhananyň tejribeli işgärleriniň uly paýy bar. Hususan-da, beton garyjy önümhananyň transportýorçysy Rozykuly Huddyýewiň, möçber ölçeýji enjamy dolandyryjy Atamyrat Ballyýewiň, kebşirleýjiler Arslan Hanowyň we Öwlýaguly Halikowyň, galyplaýjylar Şükürulla Aliýewiň, Remezan Jumaýewiň, Babamyrat Hojamberdiýewiň, şeýle-de kran sürüji Şöhrat Bakaýewiň zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hil gözegçiligi we çig mal üpjünçiligi

Demirbeton önümleriniň öndürilişi üçin zerur bolan çig mallar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kän müdirliklerinden, şeýle-de “Demirönümleri” kärhanasyndan, Ýaşlyk keramzit zawodyndan we Lebap sement zawodyndan yzygiderli gelip gowuşýar. Kärhananyň düzümindäki döwrebap barlaghana önümçilige girýän ähli çig mallaryň hem-de taýýar önümleriň hil derejesine berk gözegçiligi üpjün edýär.

Mebel önümçiligi — täze ugurda ösüş

2020-nji ýyldan bäri kärhananyň çäginde agajy gaýtadan işlemek we polat önümleri bölümi hem hereket edýär. 3 gektara golaý meýdanda ýerleşýän bu bölümde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik işjeň alnyp barylýar. Bu ýerde edara-kärhanalar, aşhanalar, myhman otaglary we beýleki maksatly ýerler üçin niýetlenen ýokary hilli mebel önümleri taýýarlanylýar. Şeýle-de agaçdan we alýuminden gapy-äpişgeler, oturgyçlar we stollar ýasalýar.

2025-nji ýylyň ýedi aýynda bu bölümde 571 müň manatlyk mebel önümi taýýarlanylyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Mebel önümleri müşderiniň islegine görä, reňkine, ölçegine we bezeg aýratynlyklaryna laýyklykda taýýarlanýar.

Kärhananyň baş inženeriniň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň öz ýurdumyzda öndürilen mebeller bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň, şol sanda ussalar Ahmet Saparow bilen Azat Narkulyýewiň göreldeli işi aýratyn bellenilýär.

Geljekki maksatlar

“Demirbetonönümleri” kärhanasynyň işgärleri 2025-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýärler. Kärhananyň ösüşe we döwrebaplyga bolan ymtylyşy ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşiniň aýdyň beýany bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda içerki önümçiligiň ösdürilmegine, daşary ykdysady garaşlylygyň azaldylmagyna we ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň üpjünçiligine ýardam berýär.

Kärhananyň işgärleri ýurdumyza şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarlar.