Döwrebap Önümçilik Bilen Ýurdumyzyň Gurluşyk Pudagyna Goşant

Türkmenistanyň senagat toplumynyň ösüşinde telekeçilik ulgamynyň orny barha artýar. Ýurduň dürli künjeklerinde döwrebap enjamlaryň güýjüne daýanyp, ýokary hilli önümler öndürýän kärhanalaryň sany köpelýär. Şeýle kärhanalaryň biri hem Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginde ýerleşýän, “Päkize-Aý” hususy kärhanasydyr.

Awg 20, 2025 - 08:33
Awg 20, 2025 - 08:36
Döwrebap Önümçilik Bilen Ýurdumyzyň Gurluşyk Pudagyna Goşant

Bu kärhana 2021-nji ýylda telekeçi Annageldi Rozyýewiň ýolbaşçylygynda işe girizildi. Kärhanada häzirki wagtda 50-e golaý hünärmen zähmet çekýär, olaryň aglabasy ýaşlardan ybarat. Öndürilýän esasy önüm – asbest-sement üçek örtükleri bolup, bu önümlere bolan isleg günsaýyn artýar.

Telekeçi Annageldi Rozyýewiň bellemegine görä, önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap tehnologik enjamlary peýdalanylýar. Kärhana gündelik 1000-e golaý üçek örtügini taýýarlaýar. Bu üçek örtükleriniň ini 1 metr, uzynlygy bolsa 1 metr 75 santimetr bolup, ýokary hilli önüm öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Önümçilik prosesi dolulygyna diýen ýaly awtomatlaşdyrylandyr. Asbest ýörite enjamda ownuk böleklere bölünip, sement we suw bilen garylyp taýýarlandan soň, ýokary basyşda ýörite enjamlar bilen şekillendirilýär. Şekil berlen önümler bug peçinde 5-6 sagadyň dowamynda bişirilýär we guradylyp, bazara taýýar görnüşe getirilýär.

Kärhanada ulanylýan çig malyň 90%-e golaýy ýurdumyzda öndürilýär. Bu bolsa önümçilik çykdajylarynyň peselmegine we önümiň halk üçin elýeterli bahada bolmagyna mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda bu kärhananyň önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem goňşy ýurtlar bolan Owganystan we Özbegistan ýaly döwletlere hem eksport edilýär. Bu hem kärhananyň eksport kuwwatynyň barha artýandygynyň güwäsidir.

Telekeçi Annageldi Rozyýew kärhananyň üstünlikleriniň işgärleriň agzybirliginiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde gazanylýandygyny nygtaýar. Ol zähmeti bilen tapawutlanyp çykyş edýän işgärleriň – Arslan Kerimowyň, Atamyrat Rozyýewiň, Akmyrat Öwezowyň, Nowruz Rahymowyň we Merdan Bakyýewiň kärhananyň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny belleýär.

Önümçilikdäki üstünlikleriň ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň netijesi bolandygyny aýdýan telekeçi:
— Biz – telekeçiler üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, hoşallygyny beýan etdi.