Döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek hem-de boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Okt 2, 2025 - 12:33
Döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek hem-de boşatmak hakynda Karara gol çekdi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen:

1-nji derejeli ýurist Eziz Bäşimdurdyýewiç Agaýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Bäşimgulyýewiç Ýowşanow Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Babajanowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurmuhammet Meretseýidowiç Saparlyýew Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Çynar Amangulyýewiç Imamgulyýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Babanepes Kemal ogly Ballyýew Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Abahajy Jumadurdyýewiç Abaýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.