«Motorola» «iPhone 17 Air» bilen bäsdeş bolup biljek smartfonyny taýýarlaýar
«Motorola» brendi ýakynda täze «Moto X70 Air» smartfonynyň çykjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Enjamy oktýabr aýynyň ahyryna satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Kompaniýa tarapyndan goýberilen ilkinji gysga tanyşdyryş şekilleri täze enjamyň inçe we ýeňil gabarasyna, şeýle hem emeli intellekt mümkinçiliklerine ünsi çekýär. Suratda sag gapdaldaky ses dolandyryş düwmeleri we energiýa bermek üçin niýetlenen bölüm görünýär, arka panelde bolsa azyndan iki kameradan ybarat modulyň ýerleşýändigi çaklanylýar. «Motorola» häzirki wagtda bu enjamyň anyk tehniki aýratynlyklaryny mälim etmedi.
«Moto X70 Air» modeliniň tanyşdyryş şekilleriniň goýberilen galyňlygy bary-ýogy 5,6 mm, agramy bolsa 165 gram bolan «iPhone 17 Air» modeline bildirilýän gyzyklanmanyň artýan döwrüne gabat gelýär. «Moto X70 Air» nusgasynyň ölçegleri heniz resmi taýdan yglan edilmedik hem bolsa, hödürlenen şekiller onuň hem «Apple» kompaniýasynyň täze modeli ýaly inçe dizaýna eýe boljakdygyny tassyklaýar.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda Hytaýyň «TENAA» atly düzgünleşdiriş guramasynyň maglumat binýadynda «XT2533-4» model belgili «Motorola» enjamy peýda boldy. Şeýle hem onuň 6,72 dýuýmlyk 1.5K ölçegli LCD displeýa, 2,4 Gs takt tizligi bolan prosessora, 16 GB çenli operatiw ýada, 512 GB çenli içerki ýada, 7000 milliamper/sagat derejesindäki kuwwatly batareýa, 32 MP öňki kamera we 50 MP + 8 MP deňagramlylykdaky esasy kamera modulyna eýelik edýändigi bellenilýär.
Bu enjamyň «Moto X70 Air» modeli bolup biljekdigi çaklanylýar. Täze smartfonyň bahasy barada bolsa hiç hili resmi maglumat aýdylmaýar.
