Döwrebap bilim — röwşen geljegiň sütüni

Okt 10, 2025 - 11:02
Döwrebap bilim — röwşen geljegiň sütüni

Şöhratly taryhymyz, ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýollary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde belleýşi ýaly, iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Hut şu jähtden hem ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, ata Watanyna wepaly, ilhalar perzentler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär.
 Çagalara sowat öwretmek, bilim bermek körpelikden — mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Körpeler bilimler dünýäsiniň gapysyny açan günlerinden başlap diňe sowat öwrenmek, bilim almak däl, eýsem, döwlet Baştutanymyz tarapyndan sowgat berilýän döwrebap kompýuterlerde bilimleri elektron görnüşde özleşdirmäge, dil, dürli söz düzümlerini, saz amallaryny öwrenmäge hem giň mümkinçilik alýarlar. Häzirki sapaly döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde gurlup, iň häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan çagalar baglarydyr orta mekdepler ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, hünär öwrenmegine, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagyna niýetlenilendir.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça alnyp barylýan netijeli işler ildeşlerimiziň uludan-kiçisinde uly buýsanç hem-de guwanç duýgusyny döredýär. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz halkara derejä laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak babatda möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, degişli ministrliklere geljekde hünärmenlere bolan zerurlyklar boýunça Tertibi işläp düzmegi we bu çaklamalaryň esasynda hünär bilimi edaralaryna okuwa kabul etmegiň döwlet sargydyny taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi babatda öňe sürýän başlangyçlary, başyny tutýan döwletli tutumlary bilim ulgamynda alyp barylýan işleriň barha rowaçlanmagyna badalga berýär.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna iň soňky gazanylanlary, innowasion tehnologiýalary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny ornaşdyryp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.