Bilimiň nur çyrasy: Jahan Jumaýewanyň mugallymçylyk ýoly

Okt 10, 2025 - 10:55
Bilimiň nur çyrasy: Jahan Jumaýewanyň mugallymçylyk ýoly

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan, göreldeli zähmet çekýän watandaşlarymyzyň birnäçesine hormatly atlar dakyldy, döwlet sylaglary gowşuryldy. Şeýle hormat-sarpa mynasyp bolanlaryň hatarynda Halaç etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Jahan Jumaýewa hem bar. Ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Jahan Jumaýewa 1988-nji ýylda Kerki şäherindäki Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, häzirki zähmet çekýän mekdebinde işe başlaýar. Oňa ömrüni mugallymçylyga bagyş eden kakasy Gurban Jumaýew halypaçylyk edýär. 38 ýyldan bäri gujur-gaýratyny gaýgyrman, ýaş nesle bilim we terbiýe berip gelýän bu mugallymyň indi özi ýaşlaryň birnäçesiniň halypasy. Olardan Ogulsabyr Allakulyýewa, Gülnara Poladowa, Aýsona Mähmedowa dagyny görkezmek bolar. Kärdeşleri Jahan mugallymyň okadan okuwçylarynyň ýokary synplarda oňat ýetişik gazanýandyklaryny buýsanç bilen nygtaýarlar. Tejribeli mugallymyň bilim-terbiýe beren okuwçylary ýurdumyzyň çar künjeginde dürli kärlerde abraý bilen işläp ýörler. Onuň ady kärdeşleriniň arasynda-da, okuwçylarynyň ata-eneleriniň we obadaşlarynyň arasynda-da uly hormat bilen tutulýar.
Her günki sapaga döredijilikli çemeleşmek Jahan mugallymyň endigine öwrülipdir. Hut şonuň üçin hem ýaş mugallymlar mydama onuň bilen maslahatlaşyp durýarlar. Bilim işgärleriniň etrap, welaýat derejelerinde geçirilýän usuly-amaly maslahatlarynda öz iş tejribesinden çykyş edip, okatmagyň usulyny kämilleşdirmekligi, ýaşlaryň bilim derejesini döwrebap artdyrmaklygy ol her bir mugallymyň esasy borjy hasaplaýar. Birnäçe gezek «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginde üstünlikli çykyş eden mugallymyň 1-nji synpda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden «Ýagşy näme, ýaman näme?» diýen mowzukda welaýat derejesinde guran göreldeli sapagy hem täsirli boldy. Onuň häzirki okadýan 2-nji synp okuwçylary eýýäm ýazmak, okamak, hasaplamak endiklerini öwrenipdirler. Ol öz geçýän sapaklaryny has netijeli guramaga çalyşýar. Täze, innowasion serişdelerden, özüne çekiji görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanýar. Şeýle hem ol okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin okatmagyň dürli usullaryny netijeli ulanýar. Her bir sapagyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýörite taýýarlaýan sowalnamalary, sapaklaryň mowzugy bilen baglanyşykly guraýan oýunlary, gyzykly bäsleşikler we beýleki okuw serişdeleri bu ugurdan oňa uly goldaw bolýar. Ol okuw-terbiýeçilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserlerini ýol-ýörelge edinip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe berýär.
Tejribeli mugallym çagalaryň dünýägaraýşyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen sapakdan daşary işlerde Watanymyzyň gözel tebigaty, ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen baglanyşykly täsinlikler barada gyzykly çäreleri guraýar. Onuň milli edep-terbiýe, baý medeni mirasymyz bilen tanyşdyrmak, Watana, zähmete söýgi döretmek barada edýän tagallalary hem bellärliklidir.
Ol ýanýoldaşy bilen 8 çagany ösdürip, kemala getirdi. Häzirki wagtda çagalarynyň 4-si dürli ugurdan ýokary okuw mekdeplerinde okaýar, hünär öwrenýär. Jahan mugallym ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşýar. Ýaş nesli millilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşýar.
— Mugallymda, ilki bilen, öz kärine we çagalara bolan çäksiz söýgi bolmaly. Şonda çagalaryň hem saňa bolan ynamy, söýgüsi, okuwa bolan höwesi artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mekdepleriň kompýuterlerdir täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilimiň hilini has hem gowulandyrdy. Ýakynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylmagym ömrümiň iň şatlykly pursatlarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň çekýän zähmetime beren ýokary bahasy meni mundan beýläk-de yhlasly işlemäge ruhlandyrdy — diýip, baýry mugallym Jahan Jumaýewa gürrüň berdi.
Biz hem ony mynasyp bolan Şa serpaýy bilen gutlap, geljekde-de uly üstünlikleri arzuwladyk.