Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek babatda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty dikeldilip, 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.

Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi milli sirk sungatymyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň belent nyşanydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk edip, at çapmak bilen sungatyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Ýeri gelende bellesek, bu topar 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi. Ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslyk däplerimizi dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde «akylly» şäher konsepsiýasy boýunça bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle hem bu şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, Arkadag şäherinde 1500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bolmagy bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapada» atly kitaplarynda ýelden ýüwrük bedewler barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary derejede bellenilýär. Häzirki wagtda atçylyk sportuna bolan ünsüň barha ýokarlanmagy, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda atçylyk toplumlarynyň gurlup, olarda gadymy döwürlerden bäri tohumy ýitirilmän gelinýän ahalteke bedewlerimiziň idedilmegi bolsa taryhy däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda bedewlere goýulýan sarpadan nyşandyr. Ýurdumyzda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, ýaş nesilleri atçylyk sportuna höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!