Ekwatorial Gwineýanyň ýokary derejeli wekiliýeti Awazadaky halkara foruma gatnaşýar

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan halkara dialogynyň merkezine öwrülýär. Şu gün, 4-nji awgustda, bu foruma Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Wise-premýer-ministri jenap Gaudensio Mohaba Mesunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanlary alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonan badyna, hormatly myhmanlar türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine laýyklykda dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Ekwatorial Gwineýanyň hökümet derejesinde gatnaşmagy, bu ýurduň maslahatyň gün tertibindäki meselelerine — durnukly ösüşe, infrastruktura mümkinçiliklerine we sebitleýin hyzmatdaşlyga — aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu gatnaşygyň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge we halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açmaga ýardam bermegine garaşylýar.