Aşgabatda halkara söwda we hil meselelerine bagyşlanan çäreler geçiriler
Aşgabatda halkara söwda we hil meselelerine bagyşlanan çäreler geçiriler

2025-nji ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew bu çäreler boýunça taýýarlyk ýagdaýy barada hasabat berdi.
Sergide ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, telekeçiler birleşmesi hem-de daşary ýurt kompaniýalary we guramalary gatnaşar. Çäräniň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksport, sanly marketing, sertifikasiýa ýaly temalar boýunça maslahatlar we işewürlik duşuşyklary geçiriler.
Maslahata gatnaşmak üçin eýýäm 27 ýurtdan 63 kompaniýa we gurama hasaba alyndy, gatnaşmak isleýänleriň sany bolsa dowamly artýar.
Döwlet Baştutany bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.