Estoniýanyň wekiliýeti halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi

Awg 4, 2025 - 16:15
Estoniýanyň wekiliýeti halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Estoniýa Respublikasynyň wekiliýeti, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilýän üçünji ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenbaşy şäherine geldi.

Wekiliýete Estoniýanyň Daşary işler ministriniň daşary söwda we ösüş meseleleri boýunça orunbasary hanym Mariin Ratnig ýolbaşçylyk edýär. «Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik bilen mähirli garşylanyldy.

Estoniýanyň bu foruma gatnaşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygyň, daşary söwda gatnaşyklarynyň hem-de maýa goýum meseleleriniň gün tertibindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berer. Şeýle hem bu gatnaşygyň, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşini goldamak babatda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmagyna garaşylýar.