Çehiýanyň wekiliýeti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Awg 4, 2025 - 16:10
Çehiýanyň wekiliýeti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiliýetleriň gelmegi dowam edýär. Şu gün, 4-nji awgustda maslahata gatnaşyjylaryň hataryna Çehiýa Respublikasynyň wekiliýeti hem goşuldy.

Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Kozak Jiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti «Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda, türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik bilen garşylanyldy.

Çehiýanyň wekiliýetiniň bu halkara foruma gatnaşmagy, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüş meseleleriniň diňe bir sebitleýin däl, eýsem ählumumy derejede möhüm hasaplanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu gatnaşyk halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýurtlaryň arasynda durnukly ösüşe gönükdirilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri döreder.