Fergýuson: «Habib hem-de Konor meniň garşymda söweşmäge gorkýardylar»
Toni Fergýuson: Habib bilen meniň aramyzdaky tutluşygyň bolmazlygy üçin kakasy oňa peýda ýetirdi

UFC-niň ýeňil agramda wagtlaýyn çempion guşagynyň öňki eýesi Toni Fergýuson özüniň Habib Nurmagomedow bilen bolmaly, ýöne amala aşmadyk tutluşygy barada ýatlap geçdi.
— Biz köp wagtlap birek-birege ýigrenç bilen garadyk. Habibiň kakasy oňa men bilen söweşmäge ýol bermän, oňa peýda ýetirdi. Olar mende howpy duýýardylar. Habib men bilen hiç haçan söweşmegi kabul etmez. Ne ol, ne-de Konor men bilen oktagona çykar. Men olaryň içine gorky saldym — bu, men Entoni Pettis bilen söweşen gije boldy. Şol wagt men olaryň hemmesini ýeňmäge taýýardym — diýip, Fergýuson «The Ariel Helwani Show» atly gepleşige beren interwýusynda aýtdy.
30-njy awgustda Toni Fergýuson boks düzgünleri boýunça söweş geçirmeli. Onuň garşydaşy puertorikaly Nataniýel Bustamante bolar.
Habib Nurmagomedow bolsa soňky söweşini 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirdi.