Garri Keýn Bundesligada taryhy rekord goýdy

Okt 5, 2025 - 08:33
Garri Keýn Bundesligada taryhy rekord goýdy
Getty Images

2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen Bundesliga-nyň 6-njy tapgyrynyň duşuşygynda «Bawariýanyň» merkezi hüjümçisi Garri Keýn taryhy üstünlik gazandy. Mýunhen kluby «Aýntraht Frankfurt» bilen duşuşykda 3:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Oýnuň 27-nji minutynda Garri Keýn Luiz Diasyň geçiren pasyndan peýdalanyp, ikinji goly geçirdi.

Bu gol Keýniň şu möwsümde Bundesligadaky 11-nji goly boldy. Şeýlelikde, ol taryhda ilkinji gezek möwsümiň ilkinji 6 duşuşygynda 11 gol geçiren futbolçy hökmünde rekord goýdy. Bu görkeziji öňki ähli rekordlary ýeňip geçdi we Bundesliganyň taryhynda täze sahypa açdy.

Garri Keýn häzirki wagtda 2025/26 möwsüminde klublar derejesinde 10 oýunda 18 gol geçirdi. Şeýle ýokary netijelilik bilen ol häzirki wagtda Ýewropa futbolynyň iň täsirli hüjümçileriniň biri hasaplanýar.