Ýeňişiň ýaş şuglalary: Çärjew sport mekdebiniň sahypasynda
Ýurdumyzda ýaş nesliň tomusky dynç alyşynyň netijeli we sazlaşykly geçmegini gazanmakda welaýatymyzyň sport mekdeplerinde alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir.

Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde guralýan çäreler diňe bir jemgyýetimizde sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilmän, eýsem, milli sportumyzda dünýädeki şöhratymyzy artdyrmaga hem giň mümkinçilik açýar.
Ilki bilen sport mekdebiniň dünýä ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylandygyny nygtamak gerek. Bu bolsa, öz gezeginde işde täze çemeleşmeleri ulanmagyna, şeýle-de türgenleşikleri talabalaýyk we kadaly guramaga şert döredýär.
Häzirki wagtda mekdepde oglan-gyzlaryň 540-dan gowragy sportuň futbol, basketbol, küşt, stol üstünde oýnalýan tennis, dzýudo, sambo, göreş, boks we tennis görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Bu ýerde halypalaryň, sport ussatlarynyň 15-si zähmet çekip, ýaşlaryň başarnyklarynyň artmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Mekdepde okuw-türgenleşik işleriniň göwnejaý guralandygyny türgenleriň yzygiderli gazanýan ýeňişleriniň mysalynda anyk görmek bolýar. Bu ýeňişler mekdebiň tälimçileriniň günübirin çekýän asylly we tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijesidir. Çünki baý iş tejribesi bilen tanalýan Batyrjan Hojakulyýew, Gaýratjan Zeripow, Nursaýt Tursunow, Oguljan Şeripowa dagy ýaşlara halypalyk etmek bilen işine has-da tutanýerli çemeleşýärler.
Bu hakykaty üstümizdäki ýylyň geçen döwründe gazanylan guwandyryjy netijelere göz aýlanymyzda hem görmek mümkin.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdebiň okuwçylary döwlet derejesindäki ýaryşlaryň birnäçe-sine gatnaşyp, 30-dan gowrak medala mynasyp boldular. Olardan Orazmuhammet Orazow, Mämmet Hamrakulyýew, Mirhan we Toýhan Hemraýewler, Eneş Anwarowa, Saýda Zynatowa ýaly ýaş pälwanlaryň geljegine aýratyn bil baglanýar. Çünki sambo, dzýudo boýunça ýurdumyzdaky birinjilik ugrunda geçirilen ýaryşlarda olaryň atlary iň ökdeleriň sanawynda tutulýar.
Ýaş tälimçileriň özleri hem işiniň ýany bilen dürli derejeli ýaryşlara gatnaşyp, baý tejribe toplamagy dowam etdirýärler. Olardan Begenç Baltýew, Kambar Umarow dagynyň şu ýyl sambo boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda, Dilber Atajanowanyň we Sanjarbek Batyrjanowyň bolsa sambo boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda öz agram derejelerinde birinjilige eýe bolandyklaryny ýatlamak ýakymly. Şeýle-de göreş boýunça geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda Durdyýarat Bäşimow birinji, Mekan Saparow we Islam Muhittinow dagy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Mekdebiň türgenleri bilen tälimçileri şu ýylyň başyndan bäri halkara ýaryşlarynyň hem birnäçesine gatnaşyp, medallaryň 10-syna eýe boldular. Olardan Oguljan Ruslanowanyň gazanan ýeňişleri has-da guwandyryjydyr. Ýaş pälwan gyzymyz dzýudo boýunça Germaniýada geçirilen “Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025” ýaryşynda, Azerbaýjanda ýetginjekleriň arasynda Ýewropanyň Kubogyny almak ugrunda we Gazagystanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldy.
Sport mekdebiniň basketbol toparlarynyň türgenleriniň gazanan ýeňişleri hem aýratyn öwgämize mynasypdyr. Ogulhan Şeripowa, Jumakuly Durdyýew ýaly halypalardan tälim alýan etrabyň ýaş basketbolçylary şu ýyl ilkinji gezek halkara ýaryşyna hem gatnaşdylar. Ýagny türgenler Şakir Sünnetow, Jasurbek Haýdarow, Eminjan Aminow, Jasur Umitjanow şu ýylyň aprelinde Özbegistan Respublikasynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edip, toparyň baýrakly orna mynasyp bolmagyna saldamly goşant goşdular.
Ýaşlaryň sport endikleriniň ösdürilmegi, kämillikleriniň we başarnyklarynyň artmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilen bu sport mekdebine etrabyň çetki obalarynyň ýaşlary hem uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu bolsa mekdepde ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak ugrunda zerur işleriň talabalaýyk alnyp barylýandygyny ýene bir gezek güwä geçýär.
Biz hem olara ýene-de ýeňişli ýollary arzuw edýäris.