Gaz pudagynda zähmet we üstünlik ýyly

Dek 19, 2025 - 11:26
Gaz pudagynda zähmet we üstünlik ýyly

Ýakynda bellenilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi welaýatymyzdaky bu pudaga degişli edaralaryň işgärleri hem zähmet ýeňişleri bilen garşy aldylar.

Şol sanda «Lebapgazçykyş» müdirliginde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýokary zähmet görkezijileri gazanyldy.

— Hünär baýramymyzy joşgunly zähmetimiz bilen mynasyp garşyladyk. Müdirligimiz boýunça üstümizdäki ýylyň geçen 11 aýynyň jemleri boýunça tebigy gazyň 8 milliard 615 million 509 müň kub metri çykarylyp, meýilnama tabşyrygy 101,2 göterim ýerine ýetirildi. Şol sanda eksport ugry boýunça Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly degişli döwürde tebigy gazyň 4 milliard 750 million 6 müň kub metri ugradylyp, meýilnama 141 göterim amala aşyryldy. Ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 28 müň 39 tonnasy öndürilip, meýilnama 108,7 göterim berjaý edildi. Kondensaty ýüklemek we sarp edijilere ýetirmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Bu babatda Gazojakdaky gaz kondensatyny saklaýan we ýükleýän bölümimizde ýokary netijeler gazanyldy — diýip, «Lebapgazçykyş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetcher gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow buýsanç bilen gürrüň berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, gazçylaryň gazanan zähmet üstünliklerinde müdirligiň «Malaý» gaz gysyjy desgasy nyň mynasyp paýy bar. Kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu kuwwatly desga Malaý gaz käniniň gaz ýataklaryndan tebigy gazy özleşdirmekde hem-de Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly sarp edijilere ugradyşmakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap desgada bellenilen göwrümde tebigy gazy üpjün etmekde hem-de gerekli ugur boýunça gazy akdyrmakda sazlaşykly işler ýola goýulýar.

Kuwatly gaz desgasy nyň A böleginiň tehnologik hatary Malaý, Çartak, Täjibaý gaz känlerindäki gaz guýularyndan alynýan tebigy gaz bilen gaz gysyjy desgany uzak möhletleýin esasda bökdençsiz üpjün eder. Üçajy we Malaý gaz känlerinden harytlyk önüm ýokary basyşly Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly dostana Hytaý Halk Respublikasyna ugradylyar.

— Çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyzda «mawy ýangyjy» gazyp almakda we uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilişini çuňlaşdyrmakda, tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlara çykarmakda, şonuň bilen birlikde Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, ykdysady kuwwatyny pugtalandy rmakda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik desgalaryna kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy. Muňa müdirligimize degişli önümçilikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Netijede bolsa ýurdumyzda giňden bellenilýän her bir şanly sene zähmet görkezijilerimiz bilen sowgatly baryarys.

Işlerimiziň ilerlemeginde müdirligimiziň baş metrology, barlag-ölçeg abzallary we awtomatika bölüminiň başlygy Çarşenbaý Rahmanowyň, baş tehnologymyz Baýrammyrat Gulmyradowyň, kompressor stansiýalar bölüminiň başlygy Haşym Alimowyň, «Malaý» gaz gysyjy desganyň başlygy Zülpikar Osmanowyň, tehnologiki enjamlaryň operatorlary Muhammet Gurbanmyradowyň, Parahat Gylyçmyradowyň, gaz çykaryjy operatorlar Myrat Gulmanowyň, Batyr Ýazberdiýewiň, Gazojakdaky gaz kondensatyny saklaýan we ýükleýän sehiniň başlygy Arslan Berdiniýazowyň mynasyp goşantlary bar — diýip, müdirligiň başlygynyň orunbasary hem-de baş geology Azatmyrat Aýydow gürrüň berdi.

Tutanýerli zähmeti bilen ýokary netijeleri gazanýan gaz çykaryjylar pudagy ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan edýärler.