Elektrik energiýasynyň öndürilişindäki durnukly ösüş

Dek 19, 2025 - 10:22
Elektrik energiýasynyň öndürilişindäki durnukly ösüş

Welaýatymyzdaky döwlet elektrik stansiýalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen 11 aýyny zähmet üstünlikleri bilen jemledier. 1-nji dekabra çenli olarda öndürilen elektrik energiýasynyň möçberi 4,5 milliard kilowat sagatdan geçdi.
Has takygy, ýylyň başyndan bäri welaýatymyzda 4 milliard 504,6 million kilowat sagatlyk elektrik energiýasy öndürilip, içerki we daşarky sarp edijilere ugradyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 152 million kilowat sagatdan gowrak köpdür. Şeýlelikde energetiklerimiz geçen 11 aýda 3,5 göterimlik artyş depginini üpjün etdiler.