ABŞ “Grin kart” lotereýasyny wagtlaýyn togtatdy

Dek 19, 2025 - 14:25
ABŞ “Grin kart” lotereýasyny wagtlaýyn togtatdy

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministri Kristi Noem ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna (USCIS) “DV1” maksatnamasynyň (Diversity Immigrant Visa Program) — “Grin kart” diýlip hem tanalýan maksatnamanyň — hereketini wagtlaýyn togtatmak barada görkezme berendigini aýtdy.

Bu barada “Reuters” agentligi ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna salgylanyp habar berýär.

ABŞ-nyň Raýatlyk we migrasiýa gullugyna resmi web sahypasyndaky maglumatlara laýyklykda, bu maksatnama her ýyl 50 müňe çenli immigrasiýa wizalarynyň berilmegini göz öňünde tutýardy.