Axios: TikTok ABŞ-daky işewürligini satmak barada ylalaşyk baglaşdy

Dek 19, 2025 - 08:54
Axios: TikTok ABŞ-daky işewürligini satmak barada ylalaşyk baglaşdy

Hytaýyň TikTok sosial ulgamy ABŞ-daky işewürligini amerikan maýa emeldar toparyna satmak barada ylalaşyk gazandy. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios portaly habar berdi.

Report neşiriniň maglumatyna görä, ylalaşygyň geljek ýylyň 22-nji ýanwarynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Şertnama laýyklykda, Oracle, Silver Lake kompaniýalary hem-de Abu-Dabide ýerleşýän MGX maýa goýum gaznasy TikTok-yň ABŞ-daky şahamçasynyň paýnamalarynyň jemi 45 göterimini alar. Şeýle-de, paýnamalaryň 20 göterimi TikTok-yň eýesi bolan ByteDance kompaniýasynyň paýyna düşer. Galan, takmynan üçden bir bölegi bolsa ByteDance bilen baglanyşykly beýleki maýa emeldarlarna degişli bolar.

Habarda bellenilişine görä, 5-nji sentýabrda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp bu ylalaşygy tassyklap, degişli buýruga gol çekdi. Bu buýruk esasynda TikTok-yň ABŞ-daky işi amerikan biznesiniň gözegçiligine geçer. Resminamada täze dörediljek kompaniýada iň uly paýyň we dolandyryş gözegçiliginiň ABŞ-nyň raýatlaryna degişli boljakdygy nygtalýar.

Şol bir wagtyň özünde, ByteDance kompaniýasynyň paýy 20 göterimden az bolar, galan paýlar bolsa maýa emeldarlarna” degişli ediler. Emma olaryň anyk kimdigi görkezilmeýär. Täze kompaniýa ABŞ-nyň maglumat howpsuzlygyny we raýatlarynyň şahsy maglumatlarynyň goragyny üpjün etjek düzgünlere laýyklykda dörediljek direktorlar geňeşi tarapyndan dolandyrylar.

Täze gurluşyň umumy bazar bahasynyň takmynan 14 milliard ABŞ dollaryna deň boljakdygy çaklanylýar.