Halaçda "Bitaraplygyň 30 ýyllygy — parahatçylygyň we ösüşleriň baýramy" atly maslahat geçirildi
Ata Watanymyzda giňden baýram edilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli mazmunly dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komiteti tarapyndan guralan «Bitaraplyk — bagtymyzyň güwäsi» atly duşuşyk hem şol şanly çäreleriň birine öwrüldi. Baýramçylyk ruhubelentligine, milli buýsanja we jemgyýetçilik jebisligine beslenen dabara ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.
Dabarada çykyş edenler Bitaraplygyň döwrümiziň iň ullakan üstünlikleriniň biri bolup, halkymyza parahat, abadan hem ösüşli durmuş berýändigini nygtadylar. Bitaraplygyň bize beren giň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi. Bu mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyz halkara giňişliginde täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny açdy, ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda täze mümkinçiliklere eýe boldy, bilim, ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky ornuna aýratyn üns berildi. Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzy parahatçylyk döredijilik syýasatynyň, ynanyşmak diplomatiýasynyň hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň ynamdar döwletine öwürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkara derejesinde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterýär.
Dabara döwründe partiýanyň jemgyýetçilik-syýasy işlerinde, ýaş nesle terbiýe bermekde, Döwlet Baştutanymyzyň syýasatyny halk köpçüligine ýetirmekde aýratyn işjeňlik görkezen agzalaryna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu sylaglar olaryň yhlasly we jogapkärli zähmetine goýlan ýokary bahanyň nyşany boldy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyk çärelerine aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli aýdymlar, joşgunly çykyşlar we döredijilik bilen bezenen sahna kompozisiýalary Watanymyzyň parahat zamanasyny, halkymyzyň agzybirligini hem-de gazanylýan üstünlikleri belentden wasp etdi.
Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu dabaralar milli ruhumyzy berkitmekde, halkymyzyň agzybirligini pugtalamakda we ösüşlere bolan ynamymyzy artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreler ýurdumyzyň geljegine nuranalyk, döredijilik we ösüş ýolunyň rowaçdygyny görkezýär.
