Saýatda ak altynyň bereketi — daýhan yhlasy bilen
Şu günler daýhan rysgyna rysk goşulýan günler. Yhlasyňy, zähmetiňi gaýgyrmasaň, «ak altynly» peller bereket eçilýär, rehnete ýetirýär. Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň ekerançylarynyň hem şu gyzgalaňly günlerde öz gyssaglary özlerinde.
Olar şu ýyl 1610 gektar ýerde milli guwanjymyz bolan pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirmegi başardylar. Hojalygyň gujur-gaýrata beslenen pagtaçylary şonça meýdandan 5550 tonna «ak altyny» ýygnamagy maksat edinýärler. Daýhan birleşiginiň başlygy Atajan Rozyýew şu günler hojalygyň armazak daýhanlarynyň ir säherden tä giç agşama çenli ýadawsyz zähmet çekýändiklerini aýdýar. Toparlaryň 15-sinde kärendeçileriň 1300-si her gün ýokary netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň umumy harmanyna mynasyp goşant goşýar. Toparlaryň agzalary biri-biri bilen ýaryşyp işläp, ýokary zähmet görkezijilerini gazanmagy başarýarlar.
— Edil geçen ýyllardaky ýaly, bu ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek biziň her birimiziň esasy maksadymyz bolup durýar. Sanlyja günlerden bu maksadymyza ýeteris. Munuň üçin pagtaçy kärendeçilerimiz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Babanyýaz Nuryýewiň, Nurgeldi Çöliýewiň, Döwletmyrat Şiriýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary pagta ýygymynda öňde barýarlar. Daýhan birleşigimiz boýunça meýilnama ýarpydan gowrak amal edildi — diýip, daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy aýdýar.
Pellerdäki bol hasyl bu ýyl hem daýhanlaryň rysklarynyň bol boljakdygyny buşlaýar. Geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylan özgertmeler bolsa daýhanlaryň ruhlaryny göterdi. Ýygnalýan pagtanyň bir tonnasy üçin döwletiň satyn alyş bahasynyň ýokary bolmagy daýhanlary yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.
Pagta ýygymynyň gyzgalaňly barýan günlerinde zähmet adamlarynyň armasyny ýetirmek örän ýakymly. Biz yhlasly zähmeti bilen «ak altyndan» dag döredýän oba hojalyk işgärleriniň biri Babanyýaz Nuryýewiň 8-nji kärendeçiler toparynyň bereketli meýdanyny synlaýarys. Topar ýolbaşçysy 200 gektar gowaça ekilen ýeriň her gektaryndan 34,5 sentneriň ýerine 40 sentnerden geçirip, hasyl almagy maksat edinýändigini gürrüň berýär. Ol her ýyl ene topraga yhlasyny siňdirip, bol hasyl almagy başarýan kärendeçileriň sanynyň artýandygyny buýsanç bilen aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Serdar Hudaýnazarow, Arça Joraýew, Rustam Röwşenow ýaly kärendeçiler öz işdeşlerine nusgalyk görelde görkezýärler. Olar özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, her gektardan 42 — 44 sentner hasyl almagy başarypdyrlar. Toparda kärendeçileriň 111-siniň ýarysyndan gowragy döwlet tabşyrygyndan daşary hasyl ýygnaýar. Ýygnalýan «ak altynyň» tonnalarynyň sany bolsa günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiziň bereketli hasyly öz wagtynda we çalt ýygnap almak barada öňde goýan wezipesini ýerine ýetirmek ugrunda çekilýän zähmetiň depgini daýhan birleşiginiň «ak altynly» pellerinde barha ýokarlanýar.
