Farapda Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan — ruhubelent aýdym-sazly dabara
Farap etrabynyň şypahanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitarap Watanym — dillerde dessan» atly aýdym-sazly dabaraly çäre guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Çärä ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri hem-de etrap jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Dabara ýokary ruhubelentlige, agzybirlige we milli buýsanja beslenip, Farap etrabynyň baýramçylyk güni aýratyn şowhun bilen garşy almagyna mümkinçilik döretdi.
Çykyş edenler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda gazanylan beýik üstünlikler, taryhy ösüşler we döwlet derejesinde amala aşyrylan giň gerimli işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem berkarar Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly, ynsanperwer içeri syýasatynyň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň aýratyn ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Bu syýasat netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, joşgunly tanslar we sahna çykyşlary dabaranyň ruhuny has-da belende göterdi. Diňe bir baýramçylyk şowhunyny güýçlendirmän, oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirli pursatlary hem döretdi.
Şanly sene mynasybetli geçirilen bu çäre Bitaraplyk ýörelgeleriniň berkarar ýurdumyzda parahatçylygyň, döredijiligiň we halk agzybirliginiň berk daýanjydygyny ýene bir gezek açyp görkezdi.
Güljahan HALBAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Farap etrap komitetiniň başlygy
