Himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi
Nobel komiteti 2025-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini atlandyrdy. Baýraga metal organiki birleşmeleriň çygryndaky barlaglaryň awtory Susumu Kitagawa, Riçard Robson hem-de Omar M. Ýaghi dagy mynasyp hasaplanyldy.
Komitetiň tassyklamagyna görä, baýrak eýeleri molekulýar binagärligiň täze görnüşini — metal organiki karkaslary (MOF — Metal-Organic Frameworks) döretdiler. Bu gurluşlar giň boşluklara eýe bolup, şol boşluklara molekulalaryň girmek we çykmak mümkinçiligi döreýär. Alymlar bu gurluşlary dürli maksatlar üçin ulandylar: çöl howasyndan suw ýygnamak, suwdaky hapalaýjy serişdeleri aýyrmak, kömürturşy gazyny tutmak we wodorody saklamak ýaly ugurlar boýunça möhüm netijeler gazanyldy.
