Gaýtadan işlemek — tebigaty gorap, ykdysadyýeti ösdürmek: Lebapdemirönümleri şahamçasynyň netijeli işleri
Mal arkanlamak üçin ýere kakylýan gazyga biziň obamyzda «Gülmyh» diýilýärdi. Şu söz çagalykdan gulagymda galypdyr. Gülmyhy ýere kakmak üçin nähilidir bir agyrrak demir bölegi gerek. Kerpij-ä derrew owralýar. Demir bölegi bolsa näçe kaksaňam çydamly. Ýöne çagalykda oýna gyzygyp, ony ýitirýän, soňam ikinji bir demir böleginiň gözlegine çykýan gezeklerimiz seýrek bolanokdy. Şeýde-şeýde, sygyr arkanlanylýan atyzyň ýa mellegiň içiniň demir böleklerinden dolmagy üçin köp wagt gerek bolanokdy. Olaram ýa ýer sürýän traktoryň çizeline ilişer, ýa ýer agdarýan kakamyň piline. Igenç eşitmäge taýýarlanyber soň.
«Türkmendemirönümleri» Döwlet kärhanasynyň «Lebapdemirönümleri» şahamçasynyň alyp barýan işleri barada eşidenimde, bigam çagalygymyň şol sahypasy ýene bir ýola ýadyma düşüp, biygtyýar ýylgyranymy duýman galypdyryn. Asyl, artyk-süýşük demir böleklerini gaýtadan işläp, olardan täze önümleri öndürip bolýan eken. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak, gaýtadan işlemek boýunça işleri döwrebap esasda ýola goýmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, şahamçada netijeli işler alnyp barylýan eken.
Has takygy, bu ýerde ýylda 1000 tonnadan gowrak gara metal, 9 —10 tonna reňkli metal, şeýle hem 20 — 25 tonna polimer we kagyz galyndylary gaýtadan işlenilýär. Mundan başga-da her ýyl awtoşina galyndylarynyň 100 tonnadan gowragy gaýtadan ulanylmaga berilýär. Şeýlelikde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşant goşmak bilen bir hatarda daşky gurşawy goramak boýunça hem möhüm işler ýerine ýetirilýär.
Munça işi alyp barmak üçin tehniki mümkinçiligiň saz bolmaly. Şahamçada häzirki wagtda çig mallar ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryndan «KamAZ», «MAZ», «DAF» kysymly ýük daşaýjy ulaglaryň, otlularyň we beýleki döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen kabul edilýär. Gaýtadan işlenilen önümler ýurdumyzyň dürli pudaklarynda netijeli ulanylýar.
Işbaşarjaň ýolbaşçy Atajan Rustamowyň gürrüň berşi ýaly, bu ýerde her aýda, ortaça, 800 — 850 tonna gara metal galyndylary gaýtadan işlenilýär. Geljek ýylda bolsa kärhanada plazma kesijili, guýma önümhanaly tokar işlerini ýerine ýetirip bilýän döwrebap enjamlardan ybarat göçme awtoulaglary ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu işler şahamçanyň hünärmenleriniň hyzmat ediş mümkinçilikleriniň ýene-de giňelmegine ýol açar.
Şahamçada alnyp barylýan işler diňe ykdysady taýdan däl, ekologiýa taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi tebigatyň asyl durkunyň saklanylmagyna, energiýa tygşytlylygynyň üpjün edilmegine, ýerli bazaryň durnukly ösüşine mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň her biri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hatarynda görmegi baradaky belent maksatlaryna laýyk gelýär.
«Lebapdemirönümleri» şahamçasynda zähmet çekýän işgärler öz işine jogapkärçilikli çemeleşýärler. Olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklary, häzirkizaman tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk etmekleri üçin ýörite okuwlar we tejribe alyşmalar yzygiderli guralýar. Bu bolsa kärhananyň ösüşine täze güýç, işgärleriň işine bolsa döredijilik ruhuny bagyşlaýar.
Bu ýerde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantdyr.
