Hoz agajy – ykdysadyýetde, ekologiýada we saglykda möhüm orny eýeleýär
Hoz agajy diňe bir tebigatyň baýlygy däl, eýsem, ykdysady, ekologiýa we saglyk taýdan dünýä derejesinde ähmiýeti bar bolan agaç görnüşidir. Onuň durnukly ösdürilmegi we goralmagy häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolup galýar.

Hoz agajy diňe bir dermanlyk häsiýetli miwesi bilen däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynda senagat taýdan hem ýokary baha berilýän gymmatly tebigy çeşme hökmünde öňe çykýar. Agajyň haýal ösýän bolmagyna garamazdan, onuň berkligi, gözelligi we bezeg aýratynlyklary ony dünýä mebel we gurluşyk bazarynda möhüm çig mal hökmünde tanadýar. Köýtendag etrabynyň çäginde hoz agaçlary köp bolup, bu sebäpden etrapda olaryň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Hoz agajynyň reňki çal, goňur we gara goýy aralygynda bolup, onuň şahalaryndaky agaç süýümleriniň döredýän nagyşlary aýratyn üns çekýär. Bu nagyşly gurluşlar agaç ýüzünde tebigat tarapyndan döredilen düwün şekilleri bilen bezeg gymmatlygyny artdyrýar. Şonuň üçin hem bu görnüşli agaçlar "bezeg agaçlary" hökmünde giňden ulanylýar.
Hoz agajy ofis we öý mebellerinde, diwarlary faner bilen örtmekde, pol we potolok tagtalarynda, bezeg işlerinde giňden peýdalanylýar. Onuň berkligi we estetik gurluşy, ony häzirki wagtda dünýäniň ösen mebel önümçiliginde aýratyn orna eýe edýär.
Agaç serişdelerine dünýä boýunça artýan isleg bilen baglylykda, hoz agajynyň goragly kesilmegi we şol bir wagtda täze nahallaryň oturdylmagy möhüm mesele bolup durýar. Köýtendagda hem hoz agaçlarynyň täze nahlaryň ekilmegi ugrunda işler alnyp barylýar. Oba hojalygy hem-de tokaý hojalygy ulgamlarynda bu agajyň görnüşleriniň ösdürilmegi, onuň geljekki ykdysady we durmuş ähmiýetiniň durnuklylygyny üpjün edýär.
Hozuň ýapraklaryndan we miwesinden taýýarlanylýan serişdeler dürli bejeriş maksatlary üçin ulanylýar. Bu bolsa, ony diňe gurluşyk ýa-da mebel çig maly hökmünde däl, saglygy goraýyşda hem möhüm serişde hökmünde görkezýär.