KDÇ-2025: “PSŽ” bilen “Real Madrid” final ugrunda güýç synanyşýar

9-njy iýulda Klub çempionatynyň dünýä derejesindäki ýarym finalynda “PSŽ” bilen “Real Madrid” duşuşýar. Oýnuň ýeňijisi finalda “Çelsi” bilen duşuşar. “PSŽ” geçen möwsümde taryhy üstünlik gazanyp, ilkinji gezek UEFA Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we möwsümi “trebl” bilen tamamlady. “Real” bolsa gowşak çykyş edip, tälimçisini çalyşdy — indi topary Habi Alonso ýolbaşçylyk edýär. Meşhur futbolçylar — Kiliýan Mbappe, Winisius Žunior we Luka Modriç — bu duşuşykda meýdana çykar. Modriç üçin bu ýaryş “Real” bilen hoşlaşyk bolup biler.