Hytaý iň çalt otlynyň prototipini döretdi

12-nji Bütindünýä ýokary tizlikli demirýol kongresinde Hytaýyň CRRC Changchun Railway Vehicles kompaniýasy täze nesil magnit asma (maglew) otlysynyň öňdebaryjy prototipi bilen tanyşdyrdy. Bu otly rekord derejesinde – sagatda 600 kilometr çenli tizligini ösdürip bilýär. Täze işläp düzülen bu tehnologiýa ýokary tizlikli otly bilen howa ulaglarynyň arasynda ýerleşýän boşlugy doldurmagy maksat edinýär.
Taslamanyň esasy aýratynlygy — iki görnüşli gibrid asma ulgamy (tigirler + magnit asma). Otly ilki bilen tigirleriň üstünde hereket edip başlaýar (150 km/s çenli), soň bolsa magnit asma ulgamyna geçýär. CRRC-niň baş inženeri Şao Nanyň bellemegine görä, bu Hytaýda ýokary geçirijilikli magnitler esasynda elektrodinamiki asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji maglewdir.
Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaý demirýol tehnologiýalarynda dünýä öňdebaryjylygyny has-da güýçlendirýär. 2022-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanylýan bu taslama ýurduň strategiki ösüşleriniň biri hasaplanýar we orta aralykdaky howa gatnawlaryna alternatiw görnüşi hökmünde görülýär.