Windows 11-de “Ýalňyşlyklaryň gök ekranyny” gara reňk bilen çalyşýar

Iýul 21, 2025 - 18:19
Windows 11-de “Ýalňyşlyklaryň gök ekranyny” gara reňk bilen çalyşýar

Microsoft Windows 11 ulanyjylary üçin täze görnüşdäki möhüm ýalňyşlyk ekranyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmaga başlady. Meşhur “Ýalňyşlyklaryň gök ekrany” (BSOD) indi gara reňkde bolar. Bu onuň daşky görnüşinde uly üýtgeşiklikleriň ilkinjisidir — Windows 8-de peýda bolan gamgyn smaýlikden bäri ilkinji gezek şeýle täzeleme girizilýär.

BSOD-yň täze görnüşi has ýönekeýleşdirilen görnüşde bolup, ondan öňki gamgyn smaýlik we QR-belgisi aýryldy. Ol häzirki wagtda Windows täzelenmeleriniň dowamynda peýda bolýan gara ekrany ýatladýar. Şol bir wagtyň özünde, onda ýalňyşlyk belgisi we bozuk draýweri baradaky möhüm maglumatlar saklanyp galýar.

Täze görnüşdäki BSOD, şeýle hem kompýuterleriň işleýşini çalt dikeltmek üçin niýetlenen Microsoft Quick Machine Recovery (QMR) atly funksiýany hem öz içine alýan Windows 11 täzelenmesiniň bir bölegi bolup durýar.