Hytaýyň günorta-günbatarynda dünýäniň iň beýik köprüsi açylar
2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda, ýekşenbe güni, Hytaýyň Guýçžou welaýatynda ýerleşýän Huatszýan jülgesiniň üstünden geçýän köpri resmi taýdan açylar. Bu köpri dünýäde iň beýik köpri hökmünde ykrar edildi.
Köpri, Liujhi–Anlunga ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň düzümine girýär. Onuň umumy uzynlygy 2 890 metre, esasy aralyk (prýol) 1 420 metre deňdir. Jülgedäki beýikligi bolsa 625 metre ýetýär. Bu görkeziji bilen köpri diňe bir beýik däl, eýsem daglyk sebitde gurlan iň uzyn we iň beýik köpri hökmünde hem tanalýar.
Köpräniň esasy daşaýjy gurluşy 22 000 tonna töweregi agramy bolan 93 sany polat segmentden düzülýär — bu diýen ýaly iki Eýfel diňiniň agramyna deňdir. Taslama 2022-nji ýylyň başynda başlandy, we gurluşykçylara Huatszýan ýaly çylşyrymly dag jülgesiniň üstünden geçýän ýol gurmak başartdy.
Täze köpri ulanmaga berlenden soň, jülgeden geçmek üçin gerek bolan wagt 2 sagatdan bary-ýogy 2 minuda çenli gysgalar. Bu bolsa sebitiň ulag gatnawlaryny düýpli gowulaşdyrar.
Mundan başga-da, köpri diňe bir inženerçilik taslamasy däl, eýsem täze syýahatçylyk merkezine öwrülmegi maksat edinilýär. Syýahatçylar üçin ýöriş ýollary, tomaşa meýdançalary we hatda basejumping ( beýik ýerden paraşýut bilen bökme) ýaly ekstremal güýmenjeler hem göz öňünde tutulýar.
