Gonkonga «Ragasa» super-tupany düşdi: metrolar, ýapyldy, howa uçuşlary ýatyryldy
Şu ýylyň iň güýçli super-tupany bolan «Ragasa» Gonkonga harasatly şemallarydyr çabga ýagynlaryny alyp geldi. Şençžende 865-den gowrak gaçybatalga hereket edýär. Tizligi sagatda 200 kilometre ýetýän gara ýel bir sagadyň içinde baglary köki bilen gopardy. Metro işlänok, demir ýol beketleri hereket etmeýär, söwda merkezleri ýapyldy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Beýleki ülkelerde işçiler öýleriň hem binalaryň gapylaryny we penjirelerini agaç tagtalar, çägeli haltalar bilen berkidýärler. Ýerli ýaşaýjylar ilkinji zerur azyk önümlerini köp möçberde satyn alýarlar. Howa uçuşlary ýatyryldy, mekdeplerde okuwlar togtadyldy.
«INTERFAX.RU» tupan netijesinde 14 adamyň gurban bolandygyny, 129 adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.
Şeýle tebigy hadysalar Hytaýyň günorta kenar ýakalarynda az bolanok. Mysal üçin, 2017-nji ýylda «Hato» deňiz tupany netijesinde 270 adam ejir çekdi, olaryň 120-si Gonkongda diýip, neşir ýazýar.
