Kakaoly köke

Okt 11, 2025 - 13:40
Kakaoly köke

Gerekli önümler:
150­g­ mes­ge,­

2 ­ýu­murt­ga,­

1­ ga­bart­ma to­zy,­

1 ­wa­ni­lin,

2,5 bul­gur şe­ker,

3­ bul­gur un,­

1 çaý çem­çe na­har so­da­sy,

100­g­ ka­kao, 

­ko­kos tozy.

Il­ki bi­len, mes­gä­ni otag ýy­ly­ly­gyn­da ýum­şat­ma­ly. Soň­ra ga­bymy­za mes­gäni, ýu­murtga­ny, şe­ke­ri, ga­bart­ma we wa­ni­lin tozla­ry­ny, na­har so­da­sy­ny, ka­kao­ny atyp, hemmesini bi­le­lik­de maza­ly gar­ma­ly.
Soň­ra uny go­şup, ha­myry­ny ýum­şa­jyk edip ýu­gurma­ly. Da­şy­ny ör­tüp, 15 minut goý­ma­ly. 

Süýjüli şerbet üçin:
1,5 bul­gur şe­ke­ri su­wa ga­ryp goý­maly. Ha­my­ry bir­nä­çe bö­le­ge bö­lüp, te­ge­lek gör­nüş­de köke ýa­sa­ma­ly. Ga­ba örü­len kö­ke­le­ri 150°C gy­zyp du­ran ho­wur­pe­je sa­lyp, 20 — 25 mi­nut bişir­me­li.
Soň­ra howur­peç­den­çyka­ran kö­ke­leri mizi taýýar bo­lan süý­jü­li şer­be­de ba­tyrma­ly. Ta­ýyn bo­lan kö­ke­leriň üs­tü­ne bezeg hökmünde ko­kos to­zu­ny se­pe­le­me­li.