Pomidor işdäaçary
Gerekli önümler:
1-2 kg pomidor, 1 desse gök ot (islege görä, şibit, arpabadyýan, kinza ýa-da reýhan ulanyp bilersiňiz),
5-6 diş sarymsak,
2-3 sany lawr ýapragy,
1 nahar çemçe şeker,
1 nahar çemçä golaý duz,
0,5 nahar çemçe 70 göterimli sirke,
1 nahar çemçe däneli gara burç.
Sagdynja pomidorlary saýlamaly we arassa suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Olary ulurak gaba salyp, üstünden gaýnag suw guýup, 5 minut saklamaly. Şeýle edeniňizde pomidorlaryň daşy aňsatlyk bilen aýrylýar. Ony böleklere bölüp, üstüne ownuk dogralan gök otlary, sarymsagy, lawr ýapragyny, duzy, gara burçy we sirkäni atmaly. Pomidorlaryň üsti ýapylar ýaly derejede gaýnan suwy guýup, gowy garyşdyrmaly. Gabyň agzyny ýapyp, suwy sowaýança goýmaly, soňra sowadyja salmaly. Sowadyjyda bir gün saklanyňyzdan soňra işdäaçar taýyn bolýar.
