Kerki etrabynda ýokary hasyl üçin nusgalyk tagalla

Geçen ýylyň galla oragynda öňdebaryjy bolup çykyş eden Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýyl hem ýokary netijeler üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Iýun 18, 2025 - 17:10
Kerki etrabynda ýokary hasyl üçin nusgalyk tagalla

Ge­çen ýyl gal­la ora­gyn­da we­la­ýa­tyň öň­de­ba­ry­jy­sy bo­lan Ker­ki etra­by­nyň gal­la­çy­la­ry bu ýyl has-da ti­jen­ýär­ler. Et­ra­byň Os­man Söhbe­tow adyn­da­ky daý­han bir­le­şi­gi­niň gal­la­çy­la­ry bu ýyl 1587 gek­tar
meý­dan­dan 3970 ton­na guş­gur­sak bug­daý dä­ne­si­ni al­ma­gy öz öňle­rin­de mak­sat edip goý­du­lar. Se­bä­bi bug­daý to­hum­çy­ly­gy­na ýö­rite­leş­di­ri­len bu ho­ja­lyk ak eki­ne ideg et­me­giň äh­li syr­la­ry­ny kem­siz
öz­leş­dir­di­. Daý­han bir­le­şi­gi bi­len şert­na­ma bag­la­şan 501 kä­ren­deçi­niň äh­li­si di­ýen ýa­ly tej­ri­be­li gallaçylar. Daý­han ho­ja­ly­gynda tä­ze möw­süm­de bug­da­ýyň «Alek­seiç» sor­ty eki­ldi. Asyl wa­ta­ny Rus­si­ýa
bo­lan bug­da­ýyň bu gör­nü­şi ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türkmen hünärmenleriniň ýörite bu ýurtda bolup, täze sortuň agrotehnikasyny kemsiz öwrenmekleri kärendeçileriň gowy hasyl almaklaryna şert döretdi. Biz bu hojalykda bolanymyzda olaryň käbiriniň gazanan netijeleri bilen gyzyklandyk. Öň­debaryjy daýhan Eziz Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän toparyndan 20-ä golaý kärendeçiniň zähmeti, hakykatdan-da bellenilmäge mynasyp. Bu topardan Akbike Allaberenowa şu ýyl özüne berkidilen 2,5 gektar meýdanyň her gektaryndan 55 sentner guşgursakbugdaý dänesini almagy başarypdyr. Ol Watan harmanyna 14 tonna golaý bugdaý goşup, halal ojagyna uly girdeji getiripdir.