Körpeler dünýäsi bilen ilkinji basgançak: çagalar baglarynda bilim we terbiýe

Mekdebe çenli edaralarda çagalaryň bilimleriniň we dünýägaraýyşlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar diňe sowatly we bilimli bolmak bilen çäklenmän, halkymyzyň asylly ýörelgelerine hem laýyklykda terbiýelenýärler. Olaryň sungata, döredijilige höweslerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Iýun 20, 2025 - 16:34
Körpeler dünýäsi bilen ilkinji basgançak: çagalar baglarynda bilim we terbiýe

Türkmenabat şäherindäki 23-nji çagalar bagynda eýýäm 56 ýyldan bäri körpelere bilim-terbiýe berilýär. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler örän giňdir. Çagalar bagynda jemi 18 topar hereket edýär. Olaryň biri gijeki iş düzgüni boýunça işleýär. Bu bolsa gijeki nobat bilen işleýän raýatlarymyz üçin örän amatly mümkinçilikdir.

Ata-eneler maşgalada çagalara edep-ekram berse, çagalar bagyndaky terbiýeçiler bolsa bilim-terbiýe berýärler. Olar körpeleriň mekdebe gowy taýýarlanyp barmagy, akyl, zähmet endikleriniň ösdürilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Bu çagalar bagynda kärini söýýän, ussat terbiýeçi mugallymlaryň aglabasy ýaşlardyr. Şeýle-de bolsa, bu ýerde tejribeli halypa terbiýeçiler hem zähmet çekýärler. Şolaryň biri hem — çagalary öz perzendi ýaly ezizleýän Selbi Ýaraşowadyr. Ol bu asylly kärde eýýäm 43 ýyl bäri zähmet çekýär.

Kärdeşleriniň arasynda tejribeli halypa hökmünde hormatlanýan, körpeler tarapyndan mähirli eneke hökmünde ezizlenýän Selbi Ýaraşowa öz zähmeti, ezberligi, belent adamkärçiligi bilen ähli terbiýeçilere nusga bolýar. Onuň yhlasly zähmeti Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli “Ýubileý medaly” bilen hem sylaglandy.

— Çaga — durmuşymyzyň güli, ata Watanymyzyň, halkymyzyň geljegi. Her bir maşgala öz çagasyna guwanýar. Şonuň üçin biz terbiýeçiler okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk we işjeň usulda guramaga çalyşýarys — diýip, Selbi Ýaraşowa gürrüň berýär.

Dogrudan-da, bu terbiýeçilik ojagynda çagalaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek, daşky gurşaw we tebigat bilen tanyşdyrmak, sowat öwretmek, beden saglygy, aýdym-saz, matematika, surat çekmek boýunça sapaklar guralýar. Bu sapaklaryň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululary hormatlamak, deň-duşlaryna sylag goýmak, zähmete söýgi ýaly endikler kemala getirilýär.

Çagalar bagyna gatnaýan körpeler bilen bilim-terbiýeçilik çäreleri geçirilende, olaryň ýaş aýratynlyklary we ukyp-başarnyklary hem göz öňünde tutulýar. Körpeler bilen alnyp barylýan sapaklarda we terbiýeçilik işlerinde häzirki zaman kompýuterlerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanylýar. Bu bolsa çagalaryň her bir sapagy ýeňil özleşdirmeklerine ýardam edýär.