Lebabyň döwlet sazly-drama teatrynda «Syrak» atly täze spektakl goýuldy
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan taryhy «Syrak» spektaklyny sahnalaşdyrdy.
Habarda bellenilişi ýaly, täze spektakl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy, ýaş režissýor Döwran Joraýewiň ilkinji özbaşdak döredijilik işidir. Sahna eseri onuň görkezilişine gatnaşan baýry teatr işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungaty öwrenijiler tarapyndan gowy baha mynasyp boldy.
Täze spektaklyň sahna we saz bezegleriniň hem ýerine düşendigini bellemek bolar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
