Lebabyň ýaş zehini dünýäde tanaldy
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi Mekan Nurgeldiýew Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda dördünji orny eýeledi. Munuň özi bu ýaryşa gatnaşan milli ýygyndymyzyň wekilleriniň arasynda iň ýokary netijedir.
Dünýä çempionatynyň şertlerine laýyklykda okuwçylar matematikanyň 23 mowzugyny öz içine alýan 30-a golaý sahypadan ybarat bolan sowallara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem olara goşmaça mowzuklaryň ýene 5-si boýunça ýumuşlar tabşyryldy.
Çempionata Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletleriň ýigrimisinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy. Biziň okuwçylarymyz 12 ýaşa çenli hem-de 12 ― 15 ýaş aralygyndaky ýaş derejelerinde bäsleşip, olaryň ikisi ilkinji onluga girmegi başardy. Şolaryň biri hem ildeşimiz Mekan Nurgeldiýewdir .
Mekan bäsleşikde diňe bir öňdäki dörtlüge girmek bilen çäklenmedi. Ol 2 müňden ýokary utuk toplamagy başaran az sanly gatnaşyjylaryň hem biri boldy. Mekandan başga-da paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy Liwanur Berdiýewa 12 ― 15 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda altynjy orny eýeledi. Liwanur hem kämilligiň ýokary derejesini kesgitleýän 2 müň utuklyk sepgitden geçmegi başardy.
