STEM bilim usulyýeti bilen bagly maslahat geçirildi

Okt 10, 2025 - 08:57
Okt 10, 2025 - 10:23
STEM bilim usulyýeti bilen bagly maslahat geçirildi

Institutymyzda «STEM bilimi: mekdebe çenli çagalar edaralaryndan ýokary okuw mekdebine çenli» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda» bellenilen çäreleriň çäginde guraldy.
Maslahata baýry ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyplary bilen birlikde welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň tejribeli işgärleri gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda STEM usulyýeti boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.
Çykyşlaryň dowamynda bilim ulgamyna STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri, ýerine ýetirilmeli wezipeler, şeýle hem bu usulyýetiň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.