Şaly: Azyk bolçulygynyň möhüm binýady
Şaly ekerançylygy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň, oba hojalyk önümçiliginiň hem-de oba ýaşaýjylarynyň durmuş üpjünçiliginiň möhüm sütüni bolup durýar. Şeýle bolansoň, onuň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki usullarda ösdürilip ýetişdirilmegi we netijeli dolandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şaly — esasy azyklyk ekinleriň biri bolup, onuň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir. Şalynyň dänesiniň düzüminde adam saglygy üçin zerur beloklar, krahmal, ýag, peýdaly aminokislotalar, dürli mineral maddalar, B1, B2 we B6 witaminleri saklanýar. Onuň tüwüsinde 13–14% belok bolup, bu bolsa onuň iýmitlik gymmatyny görkezýär.
Şalynyň ekin hökmünde aýratynlyklary
Şalyň ekerançylyk ähmiýeti hem ýokarydyr. Ol aram şorlaşan ýerlerde-de gowy ösüp, ýokary hasyl berýär. Munuň özi şorlaşan ýerleriň dikeldilmegine hem-de ekerançylykda täzeden peýdalanylmagyna mümkinçilik döredýär. Agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirilse, şaly her gektardan 100 sentnerden hem ýokary hasyl bermäge ukyply ekindir.
Ylmy işler we ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan sortlar
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan şalynyň ýokary hasylly we ýokary hilli sortlaryny döretmek, barlamak we önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.
Önümçilige ornaşdyrylan şaly sortlarynyň hataryna «Uzros-59», «Nöküs-2», «Garagalpagystan», «Awangard», «Tolmas» we «Bereket» girýär. Häzirki wagtda bolsa esasan «Uzros-59», «Nöküs-2», «Awangard» we «Bereket» sortlary giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Ekiş we agrotehniki çäreler
Ýurdumyzda şaly Daşoguz welaýatynda ýaz paslynda, Lebap welaýatynda bolsa tomusda ekilip, ýokary hilli bol hasyl alynýar. Şu günler şaly ekilen meýdanlarda ösüş suwlaryny bermek, goşmaça iýmitlendirmek ýaly agrotehniki çäreler geçirilýär.
Şalyny suwarmagyň ýyllyk kadalary ekilýän sortuň ösüş döwrüne we topragyň düzümine baglylykda her gektara 22 müň — 28 müň m³ aralygyndadyr. Suwarylanda suwuň galyňlygy ilki 10–15 sm, soňra bolsa 20–25 sm aralygynda bolmaly. Tohum ekilen badyna atyzlar suwdan doldurylýar we 8–10 sm galyňlykda 8–10 gün saklanylýar.
Tohum gögerip, 1–2 ýaprak çykaran döwründe suwuň galyňlygy 3–5 sm çenli azaltmak maslahat berilýär. Hasyl ýygnalmaga golaýlan wagty suwarmak işi bes edilýär. Suwuň birden kesilmegi ösümlikleriň ýykylyp galmagyna sebäp bolup biler, şonuň üçin suw ýuwaş-ýuwaşdan azaldylmalydyr.
Döwrebap dökünleşdirmek we ösüşe täsir
Şalynyň ösüş döwrüniň başyndan başlap, iýmit maddalaryna talaby ýokary bolýar. Çogdamlanma we hasyl synalarynyň emele gelýän döwründe bolsa bu talap has-da ýokarlanýar. Şonuň üçin şaly ösüş döwründe 2 gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär:
-
1-nji gezek — çogdamlanma döwründe
-
2-nji gezek — ondan 15–20 gün soň
Her gezekde her gektara:
-
150 kg karbamid
-
250 kg superfosfat döküni berilýär.
Eger karbamid ýetmezçilik eden ýagdaýynda, ikinji iýmitlendirişde ammiak selitrasyny ulanmak hem netijeli bolýar.
Hasyl ýygnamak: taýýarlyk we usullar
Şaly hasylyny ýitgisiz ýygnamak üçin atyzlaryň gyralaryndan kombaýnlar päsgelçiliksiz aýlanar ýaly meýdanlar tekizlenýär. Şeýle-de atyzlaryň içindäki wagtlaýyn ýaplar we çiller hem tekizlenmelidir.
Eger şaly dänesi gowy bişip ýetişen bolsa, gös-göni kombaýnlamak usuly bilen orulýar. Bugdaý oragyndan soň ekilen şaly, adatça, 1 — 25-nji oktýabr aralygynda bişýär we bu döwürde onuň hasyly ýygnalyp alynýar.