Lebap welaýatynyň birinjiligi: Dänew etrabyň basketbol topary üçünji orny eýeledi
Lebap welaýatynyň birinjiligi üçin geçirilen 2010-njy ýylda doglan oglanlaryň arasynda basketbol ýaryşy tamamlandy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Dänew etrabynyň topary üstünlikli çykyş edip, üçünji orny eýeledi.
Toparyň düzüminde Maksat Toýlyýew, Adylbek Gahrymanow, Guwanç Ruslanow, Babamyrat Babakulyýew we Ruslan Hezretow ýaly türgenler üstünlikli çykyş etdiler hem-de toparyň üstünlik gazanmagynda möhüm rol oýnadylar.
Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
