Lebaply pileçileriň zähmet ýeňşi

Lebap welaýatynyň ýüpekçi kärendeçileri bu ýyl hem pile taýýarlamak baradaky tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler. Netijede, ýurdumyzyň ýüpek harmanyna 1 müň 10 tonna pile goşuldy. Bu ugurda alnyp barylýan işler häzir hem dowam edýär. Şu wagta çenli meýilnamadan daşary 30 tonnadan gowrak pile taýýarlanyldy.

Maý 22, 2025 - 11:53
 0
Lebaply pileçileriň zähmet ýeňşi

     Çärjew, Halaç, Dänew we Kerki etraplarynyň ýüpekçileri möwsümde öňdebaryjy bolup çykyş etdiler. Hususan-da, Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 261 tonna pile taýýarlap, welaýat boýunça iň ýokary netijäni gazandylar.

Bu ýyl 300 — 400 kilogram pile taýýarlan ýüpekçileriň sany geçen ýyllar bilen deňeşdirilende has hem artdy. Kerki etrabynyň «Mürzebeggala», «Hatap», «Gyzylayak», Halaç etrabynyň «Çohpetde», «Magtymguly», «Lebap» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda görkezildi. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba zähmetkeşleri üçin döredýän giň mümkinçiliklerine özleriniň halal zähmeti bilen jogap berdiler.

Ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçiren ýüpek önümçiligi Lebap welaýatynda aýratyn gadyr-gymmata eýe. Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek» önümçilik birleşigi türkmen ýüpeginden dürli görnüşli 10-dan gowrak önümi öndürýär. Häzirki wagtda ýüpekçilik täze ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň birine öwrüldi. Onuň önümleri diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen oba hojalyk toplumyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna uly itergi berýär. Şeýle özgertmeler oba durmuş-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, önüm öndürijileri höweslendirmäge hem-de halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.