Lebaply zehinler bäsleşýär: «Merdana Nesil — 2025» welaýat tapgyry
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän döredijilik we watansöýüjilik çäreleriniň hatarynda ýaş zehinleri ýüze çykarmagy maksat edinen «Merdana nesil — 2025» bäsleşiginiň welaýatyň tapgyry hem ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi. Çärjew etrabyndaky 41-nji orta mekdep bu şowhunly çäre üçin baş meýdançalaryň birine öwrüldi.
Bu bäsleşik ýurdumyzyň 3—5-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilip, ýaş nesilde watanjylyk duýgularyny berkitmek, olaryň zehinini açmak hem-de ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar. Şonuň üçin hem meýdançada ýaşlaryň joşguny, döredijilik energiýasy we buýsançly çykyşlary giňden ýaňlandy.
Bäsleşige gatnaşyjy okuwçylar türkmen halkynyň edermenligini, watana bolan söýgüsini we wepalylygyny wasp edýän çykyşlary bilen tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyny döretdiler. Döredijilik programmasy dürli görnüşli çykyşlardan ybarat bolup:
-
gahrymançylyk temaly sahna oýunlary,
-
gülküli sahnalaryň ýerine ýetirilmegi,
-
dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen aýratyn öwüşgine beslendi.
Ýaş zehinleriň çykyşlary onuň diňe bir sahna başarnyklarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň taryhyna, gahrymançylyk ýoluna bolan çuňňur hormatynyň beýany boldy.
Netije boýunça:
-
Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlis Töräýew — I orun,
-
Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Alişer Rozyýew — II orun eýelediler.
Ussatlykda we joşgunly çykyşlary bilen tapawutlanan ýeňijiler indi bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň dowamynda ýaşlaryň sahna çykyşlary olaryň döredijilige bolan söýgüsiniň, milli gymmatlyklara wepalylygynyň, watanymyzyň dünýäde merdana nesli bilen tanalýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
