Lionel Messi 2026 Dünýä Çempionatyna taýýarlyk üçin «Inter Miami» klubyndan gidip biler — Media

Iýul 2, 2025 - 09:55
Lionel Messi 2026 Dünýä Çempionatyna taýýarlyk üçin «Inter Miami» klubyndan gidip biler — Media

Argentina žurnalisti Esteban Edulyň habar bermegine görä, Lionel Messi 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda toparyny üýtgetmegi göz öňünde tutýar.

Çeşmäniň maglumatyna görä, 38 ýaşly hüjümçi, turniriň başlamagyna alty aý galanda, «Inter Maýami» toparyndan has bäsdeşlikli bir ligada oýnamak üçin gidip biler. Maksat — Argentina ýygyndysy bilen çykyş etmek üçin iň gowy formany gazanmak.

Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Argentina häzirki dünýä çempiony bolup durýar — Katar şäherinde geçirilen 2022-nji ýylyň finalynda Lionel Skalonyň ýolbaşçylygyndaky topar Fransiýany penaltide ýeňdi. Messi iki gol geçirip, turniriň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Transfer barada resmi tassyklama entek ýok.