Marsda durnukly ýaşaýyş: Maskyň meýilnamasy we şertleri

Okt 19, 2025 - 09:21
Marsda durnukly ýaşaýyş: Maskyň meýilnamasy we şertleri
Марс / © NASA

Amerikan işewüri Elon Maskyň aýtmagyna görä, Gyzyl planeta — Marsda durnukly ýaşaýyş koloniýasyny döretmek üçin iň azyndan 100 müň meýletin adamlar gerek. Bu pikirini ol "X" sosial ulgamynda "Ars Technica" neşiriniň synçysy Erik Berger bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy. Berger "Starship" kosmos gämisiniň mümkinçiliklerine şübhe bildirse-de, ol häzirki wagtda Ýeriň orbitasyndan çykyp biljek ýeke-täk transport serişdesidigini hem boýun aldy.

Mask bolsa "Starship" taslamasynyň üstünlige ýetmeklige ynanýandygyny we beýleki planetalary kolonizasiýa etmegiň anyk ýol kartasyny eýýäm görýändigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, Marsa diňe düşmek ýeterlik däl. Ol ýerde özbaşdak ýaşaýyş gurmak, ýaşaýyş üçin gerekli şertleri döretmek we jemgyýeti ösdürmek gerek. Munuň üçin iň azyndan 100 müň adam bolmaly — diňe şonda koloniýa özbaşdak ýaşap biler.

Şeýle hem, Ýerden Marsa azyndan bir million tonna enjamlar we serişdeler iberilmeli bolar. Maskyň nygtamagyna görä, Marsdaky jemgyýet hatda Ýerden gelýän üpjünçilik kesilse-de, ýaşap we ösüp biler ýaly bolmaly. Ine, şu kritiki çäk — Marsy hakykatdan hem kolonizasiýa etmegiň baş şerti diýip, ol aýtdy.