Microsoft Windows 10 üçin täzelemeleri bir ýyl mugt  berýär: bellemeli zatlar

Microsoft kompaniýasy Windows 10 ulanyjylary üçin täze başlangyçlary hödürledi — indi olar ulgamyň resmi goldawynyň 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanmagyna garamazdan, bir ýylyň dowamynda howpsuzlyk täzelemelerini mugt alyp bilerler.

Iýun 26, 2025 - 11:30
Microsoft Windows 10 üçin täzelemeleri bir ýyl mugt  berýär: bellemeli zatlar

Windows 10 henizem dünýäniň millionlarça ulanyjysy arasynda iň meşhur operasiýa ulgam bomagynda galýar. Windows 11-e geçiş garaşylşy ýaly çalt bolmaýar, köplenç bu ýagdaý ulanyjylaryň laýyklyk çäklendirmeleri we täzeleniş üçin motiwiniň azlygy sebäpli ýüze çykýar. Microsoft bu ýagdaýy ýeňilleşdirmek maksady bilen ädim ätmäge mejbur boldy.

Giňeldilen Täzeleniş Programmasy (ESU):

24-nji iýundan başlap, Windows 10 ulanyjylary Extended Security Updates (ESU) programmasyna goşulyp bilerler — munuň üçin «Parametrler» (Settings) programmasyny ulanyp ýa-da push-ündewler arkaly maglumat alyp bolýar. Bu programma ilkinji gezek diňe kärhanalar üçin däl, eýsem ýönekeý ulanyjylar üçin hem elýeterli boldy.

Bir ýyl mugt täzelenişleri nädip almaly:

  • Windows Backup ulanyp sazlamalary Microsoft bulutynda sinhronlamak.

  • Microsoft Rewards ulgamy boýunça 1000 bal toplamak (Russiýa üçin elýeterli däl).

  • $30 tölemek (baha sebitlere görä üýtgäp biler).

Iň elýeterli usul — bulut saklaýyş hyzmatyny ulanmak, bu diňe Microsoft hasaby we kompýuteriň sazlamalarynyň buluta ýüklenmegini talap edýär.

Kontekst:

StatCounter maglumatlaryna görä, Windows 10-yň bazardaky paýy entek 65%-den ýokarydyr. Şol sebäpli Microsoft köp ulanyjyny ýitirmek islemeýär, operasion ulgamyň goldawyndan doly ýüz öwürmek mümkin däl.

Geljekde nämeler bolar:

Eger giňeldilen goldawa isleg ýokary bolsa, Microsoft täzelemeleriň täzeden bes edilme wagtyny gaýtadan gözden geçirip ýa-da ESU programmasyny mundan beýläk hem uzaltmagy teklip edip biler.