ChatGPT surat döretmek üçin täze «Stiller» funksiýasy

OpenAI kompaniýasynyň işläp düzüjileri özleriniň ChatGPT atly çat-botyna «Stiller» atly täze we mugt funksiýany girizdiler. Bu täze mümkinçilik, ulanyjylara çylşyrymly tekst soraglaryna (promptlara) düşünmän, islenýän stilde suratlary aňsatlyk bilen döretmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm ähli ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterlidir.
Häzirki wagtda ulanyjylara öňünden kesgitlenen 9 stil hödürlenýär. Olaryň arasynda: «Anime», «Kiberpank», «Dramatik gara-ak», «Foto», «Boýag kitapçasy», «Retro» we «Neon» ýaly görnüşler bar.
Şunuň ýaly funksiýa beýleki önümlerde hem ulanylýar. Mysal üçin, Samsung smartfonlarynda öňünden ornaşdyrylan Galaxy AI bukjasynda stil boýunça surat döretmek mümkinçiligi bar, şeýle hem Apple kompaniýasynyň Playground goşundysynda hem bu mümkinçilik hödürlenýär.
ChatGPT-de «Stiller» funksiýasyny ulanmak üçin çat-boty açmaly, «Surat» opsiýasyny saýlamaly, soňra bolsa «Stiller» bölümine geçmeli.